logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Aýdym-sazly dabaraly maslahat!
  24.06.2022
1188
Aýdym-sazly dabaraly maslahat!

Häzirki wagtda ýurdumyzda dowam etýän medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Medeniýet we sungat işgärleriniň” güni mynasybetli Tejen etrabynyň Agalaň oba Medeniýet öýünde hem etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Bu maslahata etrabyň mährem eneleri, il sylagly ýaşulylary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy, ulgamyň işgarleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagy babatda edilýän aladalar hakynda giňişleýin beýan etdiler.

Uly ruhubelentlige beslenen maslahatyň dowamynda etrabyň Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen ýaýbaňlandyryldy. Medeniýet ussatlarymyzyň hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk işlerini wasp edýän aýdymdyr-sazlary, şowhunly tanslary, gülkili sahna oýunlary her bir adamda ajaýyp durmuşymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy. Dürli öwüşginli baýramçylyk çykyşlary halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan kalplara röwşen maksatlary ornaşdyrýan sungatyň beýik güýji bolup ýaňlandy. 

Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan öňdebaryjy medeniýet we sungat işgärlerine ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar Medeniýet we sungat işgärlerine goýýan belent sarpasy üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
 

Maral  AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.