logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Aýdym-sazly medeni çäre
  26.09.2020
970
Aýdym-sazly medeni çäre

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde uly şatlyk-şowhuna beslenen dabara bolup geçdi. Dabara eziz diýarymyzyň ýaş aýdymçylaryň arasynda aýratyn zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen, “Garaşsyzlygyň şanly 29-ýyllygyna ” bagyşlanyp dabara geçirildi. Ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlaryny, milli tanslaryny hem-de ajaýyp çykyşlaryny öz içine alýan baýramçylyk dabarasyny geçirmek, indi birnäçe ýyl bäri asylly däbe öwrüldi.

Gökdepe etrap jemgyýetçilik guramalarynyň başda durmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasynyň bu gezekgi tapgyry hem örän işjeňligi we şowhunlulygy bilen tapawutlandy. Dabara gatnaşýan bagtyýar aýdymçylar Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy, mährem enelerimizi, ajaýyp tebigatymyzy özleriniň şirin dilleri, ussat döredijilik ukyplary bilen wasp etdiler. Dabara  gatnaşýan zehinli aýdymçylaryň  çykyşlary tomaşaçylary diýseň begendirdi. Ajap mukamlar bilen sazlaşan  tomaşaçylar, her bir çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy aldylar.

 Dabara gatnaşyjylar bu şatlykly dabara üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirdiler.