logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Aýdymly-sazly türkmen döwleti
  05.08.2019
1177
Aýdymly-sazly türkmen döwleti

    Dynç alyş günleriň birinde Mähriban Arkadagymyz, ses studiýasynda saz sungaty, aýdymsaz dünýäsiniň aýratynlyklary bilen meşgullanyp, agtygy Kerimgulynyň täze döreden saz eserlerini ýerine ýetirmekde sungat ulgamynda ulanylýan dürli usullardan peýdalandy. Hormatly Prezidentimiz täze saz eseriniň her bir parçasyny dürli saz gurallarynda ýerine ýetirip gördi. Mähriban Arkadagymyzyň agtygy Kerimiň döreden täze sazy “Ýaşa Türkmenistan-bedew bady bilen diňe öňe” diýip, atlandyrylýar. Hormatly Prezidetimiz täze döredilen sazy dürli görnüşli saz gurallar bilen ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi, sazlaşykly usullaryny ulanyp, saz eserlerini timarlady. Mähriban Arkadagymyz agtygy Kerimiň döreden sazynyň notasy esasynda täze eseriň her bir parçasyny onuň bölümleri arkaly sazyň owazlygyny artdyrdy. Ile döwlet geler bolsa, Parahatçylyk saz dostluk-doganlyk sazy, Medeniýet halkyň kalbydyr ýaly tutuş adamzat ähmiýetli eserleri döreden Mähriban Arkadagymyz saz sungatynyň ynsan ruhyna täsiri, onuň adamlara täze ýeňişlere ruhlandyrmak ýaly onuň täsin güýji barada giňişleýin gürrüň berýär.

   Hormatly Prezidentimiz bedew batly ösüşlere barýan Bitarap Watanymyz wasp edýän  goşgy setirlerini salyp hiňlenip gördi. Hormatly Prezidentimiz  bu eser barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompoziterleriniň, ýazyjy şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň we sazandalarynyň pikirlerini wajydyna ünsini çekdi. Olar bu baradaky isleg arzuwlaryny, döredijilik tekliplerini mälim etseler oňa mynasyp goşgy setirlerini taýýarlap aýdymçylar ussatlyk bilen ýerine ýetirseler Garaşsyzlyk baýramçylygyna mynasyp sowgat boljakdygyn belledi. Şeýle-de hödürlenýän teklipler esasynda mynasyp goşgy setirler bilen  sazlaşygy emele getirmek arkaly döredilen aýdymyň ýerine ýetirmek babatda gowydan gowysy seçilip alnar. Täze eseri döreden döredijilik işgär bolsa sylaga mynasyp bolar.