logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /ÄÝNEK BARADA...
  16.04.2022
1977
ÄÝNEK BARADA...

Görmegiň kömegi bilen töweregimizdäki bizi gurşaýan dünýä hakda takmynan 80% maglumat alýarys. Bütündünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä dünýä boýunça takmynan 285 million adam görüşiň bozulmagyndan ejir çekýär. Äýnegiň döredilmegi adamyň durmuşyndaky esasy ädimleriň biri hasaplanylýar. Äýnegiň bir wagtyň özünde birnäçe ýerde peýda bolandygyny bellemelidiris. Bu wakalar XIII asyryň ikinji ýarymynda bolup geçdi. Ilki äýnekler Ýewropada döredilip soňra gündogara ýaýrapdyr. Eýsem äýnek nädip döredilipdir? 1280-nji ýylda ýylda doňan aýna bölejigi duýdansyz aýna öndürijiniň ünsüni özüne çekýär. Aýna öndüriji ol bölejigiň diňe bir jisimleri ulaltman eýsem görejiňi dikeltmäge ukyplydyny görýär. Elbetde äýnegiň döreýiş taryhy munuň bilen çäklenmeýär. 1268-1282-nji ýyllarda güberçek linzaly uzakdan görüjiligi düzedýän äýnekler oýlap tapyldy. Olar Italiýada ýasalypdyr  diýip çaklanylýar. Olaryň döredijisi Salwino D’Amarte Piza bolupdyr. Şol wagtyň özünde Hytaýda ilkinji äýnekler döredilip başlanýar. Emma diňe XV asyrda, ýüzýyllyklaryň geçmegi bilen, şowalyk üçin oýuk linzaly äýnekler ýasalýar. Jeýms Aýskog 1752-nji ýylda diregleri bolan äýnek ýasaýar we ilkinji bolup reňkli linzaly günden goraýan äýnekleri oýlap tapýar. Benjamin Franklin 1755-nji ýylda güberçek we oýuk linzalar utgaşan bifokus linzalary oýlap tapýar.

Gülnur  OTYZOWA
Türkmen oba hojalyk intitutynyň talyby