logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Aýyň has giňişleýin kartasy düzüldi
  17.06.2022
1394
Aýyň has giňişleýin kartasy düzüldi

Aýyň has giňişleýin kartasyny Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki gözleg merkezleriniň alymlary düzdi. Olar muny "Science bulletin" žurnalynda çap etdiler. Gözlegçiler Aýyň üstündäki soňky onýyllyklarda toplanan ähli maglumatlary seljerip, 1: 2 500 000 ölçegde kartada ýerleşdirdiler. Häzirki wagta çenli bu Aýyň has giňişleýin kartasydyr. Gözegçiler “Aýyň geologiki kartalary, magmatiki prosesleriň, katastrofiki täsirleriň we wulkan işjeňliginiň şertlerinde ewolýusiýany görkezýän aý gabygynyň üstündäki geologiki gatlaklar, gurluş aýratynlyklary, litologiýa we hronologiýa barada giňişleýin maglumat berýär. Karta dürli döwürdäki kraterleriň, 17 görnüşli gaýanyň we 14 görnüşli geologiki gurluşyň paýlanyşynyň häzirki zaman şekilini görkezýär"-diýip habar berdiler.

Döwlet HALLYÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.