15-nji iýunda türkmen wekiliýeti Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Ählumumy howpsuzlyga sebit goşandy: Günorta Kawkazda parahatçylygy gurmak» atly halkara maslahata gatnaşdy.
«Ýeni Azerbaýjan» partiýasy tarapyndan guralan halkara maslahatda Türkiýe, Özbegistan, Täjigistan, Hytaý, Pakistan, Belarus we beýleki döwletlerden gatnaşýan wekiller çykyş etdi.
Maslahatda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etmek bilen garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, özara ynanyşmagy we deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň Azerbaýjanyň Günorta Kawkazy parahatçylygyň, durnuklylygyň sebitine öwürmek boýunça alyp barýan tagallalary bilen sazlaşýandygyny belledi.
Türkmen diplomaty öz çykyşynda halkara hukugynyň ykrar edilen kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, döwletleriň özygtyýarlygyna we çäk bitewüligine hormat goýulmagynyň, şeýle hem halklaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagynyň ähmiýetlidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň hukuk döwletiniň ýörelgelerini berkitmäge we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny subut edýär.
Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa gatnaşyklaryny ilerletmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikirler orta atyldy.
Halkara maslahata gatnaşyjylar ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýagdaýyny pugtalandyrmak maksady bilen, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.