logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Azerbaýjana 1,4 müň Türkmenistanly syýahatçy bardy
  04.11.2022
1023
Azerbaýjana 1,4 müň Türkmenistanly syýahatçy bardy

Azerbaýjanyň syýahatçylyk gullugynyň habar brmegine görä, 2022-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Azerbaýjana 1 million 323 müň 416 daşary ýurtly jahankeşde bardy. Geçen oktýabr aýynda Azerbaýjana 160 müň 467 syýahatçy geldi. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 76% köpdür.

Şeýle hem habarda Azerbaýjana Türkmenistandan 1,4 müň syýahatçy barandygy bellenilip geçilýär.

Azerbaýjana gelen syýahatçylaryň sany boýunça Russiýa birinji ýerde durýar — 54,1 müň adam. Ikinji ýeri Türkiýe (28,3 müň adam), üçünji orny Eýran (15,3 müň adam) eýeleýär.