Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Azyk bolçulygy – bagtyýarlygyň kepili
  09.05.2023
1349
Azyk bolçulygy – bagtyýarlygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzyň obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň iň bir okgunly ösýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly üns berilýär. Hususy önüm öndürijilere, telekeçilere yzygiderli berilýän goldawlar önümçiligi yzygider ýokarlandyrýar, kiçi we orta telekeçiligiň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin döredilýän ähli şertler oba hojalyk ulgamyny täze üstünliklere alyp barýar. Döwrüň möhüm talaby bolan dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny pudaga ornaşdyrmak işleri giň gerime eýe bolýar, diýarymyzyň çar künjünde yzygiderli gurulýan döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň sanynyň artmagy ilatyň azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga şert döredýär. Şeýle hem sanly ulgamyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilikleriň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaklyga itergi berýär. Munuň özi içerki önümçiligi ýokarlandyryp, eksportyň mümkinçiliklerini hem artdyrýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» eksporta iberilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, möçberlerini artdyrmak barada anyk wezipeler kesgitlenildi. Eksporta iberilýän azyk önümleriniň agramly bölegini hem türkmen topragynyň datly önümleri eýeleýär. Bu asylly işlerde edermen daýhanlaryň, oba zähmetkeşleriniň hem-de ussat telekeçileriň uly goşandy bar. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly şertleri döredip berýär. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça möhüm işleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Bäsdeşlige ukyply täze, innowasion önümçilikleri döretmekde, ýurdumyzyň sebit we dünýä bazaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrmakda hususy önüm öndürijiler ýokary işjeňlik bilen zähmet çekýärler. Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bu gün uly islege eýe. Munuň özi bolsa rysgal-berekediň hem bolçulygyň nyşany bolmak bilen, bereketli saçaklarymyzy bezeýär. 

 

Sanjarbek KARIMOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.