logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /AZYK BOLÇULYGYNA MYNASYP GOŞANT
  11.05.2020
956
AZYK BOLÇULYGYNA MYNASYP GOŞANT

        Tejen etrabynyň gök ekerançylary hem-de bakjaçylary ak bazarlary azyk önümleri bilen üpjün etmek-de birleşen tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Olar ekilen ekerançylyk meýdanlaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edýärler. Şonuň üçin hem kärendeçiler tarapyndan ýer alma, käşir, kelem, sogan, badamjan ekinleri gün saýyn ajaýyp görnüşe girýär. Olary iýmitlendirmek, suw tutmak bilen baglanşykly işler hem talabalaýyk alnyp barylýar. Irki gök önümleri ekilen meýdanlarynyň hasyllary görnüp başlandy. Olar halka elýeterli bahalardan hödürlenýär we ak bazarlary islegli önümler bilen üpjün edilmegine goşant bolýar.

        Şu günler-de, bakjaçy kärendeçileriň hem aladalary özüne ýetik. Olar daýhan birleşikler bilen ýörüte şertnama baglaşan ekerançylyk meýdanlarynda gawun, garpyz, kädi ekmek işlerini üstünlikli dowam etdirýärler. Olaryň esasy maksatlary halkymyzy elýetrli bahalarda bakja önümleri bilen üpjün etmekden, ak bazarlarda azyk bolçulygyny döretmekden ybarat bolup durýar.