logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Azyk bolçulygyny üpjün etmek möhüm wezipe
  23.12.2022
784
Azyk bolçulygyny üpjün etmek möhüm wezipe

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem azyk bolçulygyny berkitmekden, ilatymyzy oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirmekden ybaratdyr. Arkadagly Serdarymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyny, ýerden hem suwdan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Oba hojalyk ulgamyny ylmy esasda ösdürmek, tohumçylyk işini kämil ýola goýmak, alynýan hasylyň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmak babatda ençeme işler alnyp barylýar. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen köpugurly özgertmeler azyk bolçulygyny berkitmegiň ygtybarly kepilidir. Ekinleri damjalaýyn, ýagyş ýagdyrmak arkaly suwarmak, meýdanlardaky işleri uzak aralykdan dolandyrmak ýaly usullar pudagy ösdürmegiň täzeçil ýollarydyr. Oba hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bu pudagyň dünýä tejribesi bilen aýakdaş gitmeginde esas bolup hyzmat edýär.

Bagtyýar halkymyzyň şeýle eşretli, abadan hem bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Oguljahan GÖKÇÄÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.