logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Azyk önümçiliginiň döwrebap toplumy
  12.06.2021
627
Azyk önümçiliginiň döwrebap toplumy

Häzirki zaman ösen talaplara laýyk gelýän Innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetine degişli “Gönezlik” hususy kärhanasy süýt önümleri bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygyny döretmekde, netijeli işleri alyp barýarlar. Hususy kärhananyň bu önümleri öndürmekligine hojalyk jemgyýetiniň maldarlary uly ýardam berýär.

Hususy kärhananyň süýdi gaýtadan işleýän bölüminde işler ýokary hil derejesinde, juda sazlaşykly hem-de utgaşykly yzygiderlilikde alnyp barylýar. Bölümde süýt, gatyk, mesge ýagy, peýnir hem dorog, aýrandyr uýadylan gaýmak ýaly azyk önümleri öndürilýär. Bu günki - gün kärhananyň önümleri ýörite dükanlarda ilata ýetirilýär. Muňa aýdyň göz ýetirýän bu hususy kärhananyň işgärleri, çekýän yhlasly zähmetleriniň ýerine düşýändigini görýärler. Süýt önümleriniň hil derejesiniň ýokarlanmagy, olaryň ilat tarapyndan uly isleg bilen satyn alynmagy özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Ýylyň bütin dowamynda bereketli saçaklara bezeg berýän bu azyk önümleri ilat arasynda ýokary islegden peýdalanylýar.