logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«B-92» kysymly awiabenzine isleg barha artýar
  11.02.2023
1350
«B-92» kysymly awiabenzine isleg barha artýar

Golaýda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze, döwrebap önüm bolan «B-92» kysymly awiabenzin öndürilip başlandy. Synag döwründe tapgyrlaýyn amala aşyrylan takyk işleriň ählisi-de oňat netijelerini berdi.

Ol «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiabenzin baradaky ýüz tutmasy esasynda oba hojalyk pudagynda ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmekde, zyýanly mör-möjeklerden goramakda giňden ulanylýan «An-2» kysymly uçarlar üçin öndürildi.

Zawodlar toplumynyň ýokary oktanly benzin üçin goşundy öndürmek boýunça 4-nji sehiniň desgasynda tehnologik ýagdaýy sazlamak, kükürt kislotasynyň konsentrasiýasyny has ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen işleriň netijesinde täze awiabenzini öndürmek üçin degişli komponent alyndy.

Netijede zawodlar toplumynda kämil barlaglardan geçirilen täze «B-92» kysymly awiabenziniň döwrebap hil ülňelerine doly laýyk gelýändigi anyklanylyp «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyryldy. Şeýlelikde häzirki wagtda sarp edijileriň arasynda täze önüme, awiabenzinine bolan islegler barha artýar.

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.