Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Babadaýhan dokma toplumynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  15.02.2023
572
Babadaýhan dokma toplumynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Babadaýhan etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Babadaýhan dokma toplumynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinden gelip çykýan wezipeleri we onuň taryhy çözgütlerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen maslahata toplumda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy.

Maslahaty Babadaýhan etrabynyň häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygy Mähri Nökerowa açyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini, onda ýurdumyzyň has-da gülläp ösüşine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen çözgütleriň kabul edilendigini belledi. Ol çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň berkarar Watanymyzda milli demokratik ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrundaky taýsyz tagallalaryna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Babadaýhan dokma toplumynyň baş inženeri Merjen Gullyýewa öz täsirli çykyşlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi, şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň Başlygy wezipesine Gahryman Arkadagymyzyň saýlanylmagy, şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen bagly buýsançly gürrüň etdiler.

Turuwbaşdan işjeň häsiýetde geçen maslahatda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň ornuna, olar barada edilýän aladalara hem ünsi çekip, maslahata gatnaşyjylara halkymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirilip, şu bagtyýar günlerimize gelip ýeten asylly ýol-ýörelgelerine eýermek bilen bagly gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar.