logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabynda dabaraly maslahat geçirildi
  28.02.2023
924
Babadaýhan etrabynda dabaraly maslahat geçirildi

Golaýda TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet merkezinde «Ýurdumyz berkarar — zenanlar bagtyýar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrapda ýerleşýän edara-kärhanalarda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän, şeýle hem işewür zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelin-gyzlaryň halal zähmet çekmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýändikleri, olaryň dokaýan halylarynyň, çekýän keşdeleriniň, gaýaýan gaýmalarynyň, dürli nagyşlarynyň dünýä ýüzünde uly islege eýedigi hakynda buýsançly gürrüňler edildi.

Maslahata gatnaşanlar zenanlarymyza belent hormat goýýan Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.