logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabynda döredijilik duşuşygy geçirildi
  01.03.2023
1315
Babadaýhan etrabynda döredijilik duşuşygy geçirildi

Golaýda, Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Ata Alowowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

«Türkmen sungatynda yz goýýan ussat» ady bilen geçirilen döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Saragt Babaýew, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, artistiň bile okan synpdaşlary, işlän egindeşleri, şägirtleri hem-de maşgala agzalary gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara hödürlenen teatrlaşdyrylan edebi sazly kompozisiýa, hoş owazly aýdymlar, çeper okaýyşlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Etrabyň mekdep okuwçylarynyň, bilim we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçen çärede etrabyň merkezi kitaphanasynyň guramagynda artistiň dürli ýyllarda döreden keşpleri baradaky fotosuratlar hem-de şahsy arhiwinde saklanýan öz çeken suratlary bilen oňa gatnaşyjylary tanyşdyrmak mümkinçiligi hem döredildi. Etrabyň K.Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Çarymämmet Orazmämmedowyň şekillendiriş sungatyna degişli önümlerden guran sergisi-de duşuşyga gatnaşyjylarda ýakymly täsirler galdyrdy.