logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  14.06.2022
1681
Babadaýhan etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ýakynda, Babadaýhan etrabynda ýerleşýän dokma toplumynyň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, dokma toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, işjeň zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň barşynda maşgala mukaddesligi, edep-terbiýe kadalary, gelin-gyzlary bezeýän asylly gylyk-häsiýetler bilen bagly aýdylan degerli maslahatlar uly täsirleri döretdi.

Şeýle mazmunly duşuşyklaryň ýene biri Kaka dokma toplumynda geçirildi.