logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär!
  22.05.2023
750
Babadaýhan etrabynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär!

Mälim bolşy ýaly, ýene-de sanlyja günden ýagny, 25-nji maýda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Bu dabara okuwçy ýaşlaryň, aýratyn-da, mekdep uçurymlarynyň durmuşynda ýatda galyjy waka öwrüler.

Şonuň bilen baglylykda, şu günler Babadaýhan etrabynda uçurym ýaşlaryň we olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Bu duşuşyklaryň esasy maksady «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmekden ybarat bolup durýar.