logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi
  23.02.2023
1294
Babadaýhan etrabynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi

Babadaýhan etrabyndaky 5-nji çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çärelerine baý many goşan bu bäsleşigi etrap bilim bölümi gurady we oňa mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri gatnaşdy.

Terbiýeçiler bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş edip, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde özleriniň iş tejribelerini has-da kämilleşdirmekde, bilimiň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda alyp barýan işlerini doly derejede açyp görkezmäge çalyşdylar. Olar körpeler bilen sapak geçip, dürli görkezme esbaplarynyň üsti bilen sapagy berkitmekde, çagalary sapaga çekmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşigiň etrap tapgyrynyň netijesinde 1-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýjahan Hudaýnazarowa birinji orny eýeläp, welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Ýeňijilere Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.