logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda bäsleşik geçirildi
  22.09.2022
1025
Babadaýhan etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda bäsleşik geçirildi

Babadaýhan etrabyndaky 8-nji çagalar bagynda, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda, sportuň hereketli oýunlaryň görnüşleri boýunça şadyýan bäsleşik geçirildi.


Şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşige etrapdaky çagalar baglarynyň körpelerinden düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşyp, özara ýaryşdy. Bäsleşigiň esasy maksady körpe nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmakdan we sporta höweslerini artdyrmakdan ybarat boldy.


Bäsleşikde körpeler welosiped sürmekde, päsgelçiliklerden ylgap geçmekde, halkaly ylgamakda erjelligini görkezmegi başardylar. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde etrapdaky 3-nji çagalar bagynyň topary birinji, 2-nji çagalar bagynyň topary ikinji, 8-nji çagalar bagynyň topary bolsa, üçünji orunlara mynasyp boldy. Ýeňiji toparlara «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary gowşuryldy.