logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Babadaýhan etrabynyň bilim işgärleri täze okuw ýylyna taýýarlykly barýarlar
  25.08.2022
822
Babadaýhan etrabynyň bilim işgärleri täze okuw ýylyna taýýarlykly barýarlar

Babadaýhan etrabynyň bilim işgärleri hem golaýlap gelýän täze, 2022 — 2023-nji okuw ýylyna taýýarlykly barýarlar. Etrapda bar bolan mekdepleriň 23-sinde we çagalar baglarynyň 8-sinde ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi.

 

 

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary, ýörite orta mekdeplerini tamamlap gelen ýaş hünärmenler bilen duşuşyklar geçirilip, olar etrabyň mekdeplerine, çagalar baglaryna işe ugradyldy. Şeýle-de täze okuw ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek 1-nji synp okuwçylary hasaba alnyp, olar bilen okuw ýylynyň öňüsyrasynda tanyşlyk sapaklaryny geçirmeklige şu günler ykjam taýýarlyk görülýär. Häzir etrabyň mekdeplerinde täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri Bilimler we talyp ýaşlar gününe taýýarlyk işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.