logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Babadaýhan etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda okuw maslahaty geçirildi
  01.09.2022
822
Babadaýhan etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda okuw maslahaty geçirildi

Golaýda, Babadaýhan etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň esasy maksady Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmakdan, özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

 

 

Maslahata, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, ilkinji guramalarynyň başlyklary, işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylara Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda iş dolandyrylyşyny degişli gollanmalara we talaplara laýyklykda alyp barmagyň düzgünleri, şeýle-de zähmeti goramak we howpsuz zähmet şertleri dogrusynda gymmatly maslahatlar berildi.