logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Babadaýhan etrap Medeniýet öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  10.08.2022
776
Babadaýhan etrap Medeniýet öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýakynda, Babadaýhan etrap Medeniýet öýünde, welaýat Polisiýa müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresi bilen bilelikde geçirilen duşuşyk hem täsirli boldy. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň ählistaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, boş wagtlary peýdaly işlere sarp etmegiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ähmiýeti hakda aýdylanlar ünsli diňlenildi.

Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen bagly gymmatly öwüt-nesihatlar berildi.