Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli at çapyşygy geçirildi ✦ ✦ Zergärçilik däbiniň täze rowaçlyklary ✦ ✦ "Türkmennebit" we "PETRONAS" Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar ✦ ✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen türgenlerimiziň nobatdaky üstünligi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Babarap obasynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi
  15.02.2023
783
Babarap obasynda «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdepde «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna onuň etrap tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly günlerinde geçirilen, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gurnaklaryň işini kämilleşdirmekden, okuwçy gyzlary el işlerine, dürli hünärlere ugrukdyrmakdan, olarda milli amaly-haşam sungatyna söýgini döretmekden hem-de asylly ýol-ýörelgelere, milli däp-dessurlarymyza hormaty artdyrmakdan ybarat boldy. Şoňa görä-de, okuwçy gyzlar bäsleşige höwesli we işjeň gatnaşdylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, okuwçy gyzlar el işlerini ýerine ýetirmekde, tagam taýýarlamakda, terbiýeçilik ähmiýetli aýdymlaryň, gazallardyr rowaýatlaryň üsti bilen milli gymmatlyklarymyzy wasp etmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Olaryň täsirli çykyşlary bilim ojaklarynda gyzlar gurnaklarynyň işiniň döwrüň ruhuna laýyklykda ýola goýlandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Gyzykly geçen bäsleşikde emin agzalary iň gowy gyzlar gurnaklaryny kesgitledi. Şeýlelikde, Gökdepe etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň topary baş baýraga, Bäherden etrabyndaky A.Atdanow adyndaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, Tejen etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň topary ikinji, Sarahs etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.