logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Bag-durmuşyň bezegi
  04.04.2021
648
Bag-durmuşyň bezegi

      “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, ajaýyp üstünliklere beslenip gelýär. Şol sanda ýurdymyzda bag ekişlik çäreleri hem giň gerime eýe bolýar. Ýurdymyzyň  ilatly ýerlerinde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik ýerlerinde, köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilýär. Ata Watanymyzda şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýurdymyzyň ekologiýa taýdan has-da gözelleşmegine özüniň uly täsirini ýetirýär. Şol mynasybetli Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan uly möçberli maksatnama tebigaty goramak bilen bagly milli syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir diýýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, Ahal welaýatynyň agzybir ýaşaýjylary tarapyndan agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçirildi.

       Uly ruhybelentlikde geçirilen bu bag ekişlik dabarasyna dürli kärde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz bilen bilelikde ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar. Esasanam Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň golaýynda geçirilen  agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Bu ýerlerde geçirilen abadanlaşdyryş işlerinde ösüp oturan baglara ideg edildi, olaryň düýpleri ýumşadyldy, timarlanyldy, daş-töwerekleri haşal otlardan arassalanyldy. Birnäçe düýp agaç nahallary oturdyldy.

      Bu günki Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde geçirilen agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.