logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Bag-durmuşyň bezegi
  11.11.2021
697
Bag-durmuşyň bezegi

Täze taryhy eýýamyň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ruhy we ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereket etmeginiň ajaýyp nusgasyna öwrülýär. Şäherlerde, şäherçelerde, obalarda, ilatly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik ýerlerde, köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilýär. Şol mynasybetli «Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan uly möçberli maksatnama tebigaty goramak bilen bagly milli syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly sözlerinden ugur alyp, 06.11.2021-nji ýyl senede Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde Ahal welaýatynyň agzybir ýaşaýjylary tarapyndan agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary geçirildi.

Uly ruhybelentlikde geçirilen bu bag ekişlik dabarasyna dürli kärde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyz bilen bilelikde ýaşuly nesliň wekilleri, şeýle-de ýaşlar gatnaşdylar. Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde geçirilen agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowary aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Bu ýerlerde geçirilen abadanlaşdyryş işlerinde ösüp oturan baglara ideg edildi, olaryň düýpleri ýumşadyldy, timarlanyldy, daştöwerekleri haşal otlardan arassalanyldy. Şeýle-de, geçirilen bag ekişlik dabarasynda Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň gündogar tarapynda 10 ga. ýer bölegine 4000 sany, dürli görnüşli agaç nahallary oturdyldy. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

         Şu günki geçirilen agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.