logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /BAG EKMEK ÇÄRESI
  10.11.2019
1021
BAG EKMEK ÇÄRESI

   Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça çagyryşyndan göwni galkynan Ahal welaýatynyň bagtyýar ilaty  “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine işjeň goşuldylar. Özboluşly  zähmet baýramçylygyna öwrülen bu çäre welaýatyň ähli künjeginde köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

     Welaýat derejesindäki esasy çäre Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesinde geçirildi. Şu mynasybetli ol ýerde  aýdym-sazly çykyşlara, milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalara giň orun berildi, toý gazanlary ataryldy. Bu bolsa Hasyl toýunyň dabaralaryna özboluşly röwüş goşdy. Toý ruhunda geçen bu çärede ýaş baglaryň ilkinji düýplerini ýaşuly nesliň wekilleri oturtdy. Ýaşulularyň göreldesine dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlar eýerdiler.  Şunlukda, täze ýaşyl zolaklar peýda boldy.

     Üstümizdäki ýylda welaýatyň çäginde dürli görnüşli ýaş baglaryň we üzümiň 300 müň düýbüni oturtmak göz öňüne tutuldy. Şonuň aglaba bölegi ýaşky bag ekmek möwsümine oturdyldy. Nobatdaky bag ekmek çäresinde dürli görnüşli baglaryň müňlerçe düýbi oturdyldy. Bu asylly işe edara-kärhanalaryň, guramalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar has-da işjeňlik görkezdiler.