logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /BAGTLY ÇAGALARYŇ DOSTLUK MEKANY
  04.08.2022
1198
BAGTLY ÇAGALARYŇ DOSTLUK MEKANY

        Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda yglan edilen “Halkyň Arkadagly zamanasy”  ýylynyň tomus pasly tamamlanyp barýar. Şol bir wagtyň özünde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi hem ahyrky tapgyrlarda dowam edýär. Tomus paslynyň üç aýynyň dowamynda çaga gülküsine beslenen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky şatlyk-şowhuny ýokary ruhubelentlige eýe bolýar. Dynç almaga ýurdumyzyň welaýatlaryndan, şäherlerinden we etraplaryndan gelen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde,  täze dostlary bilen medeni-köpçülik çärelerine gatnaşýarlar.
       Umuman aýdanyňda, Awazada şadyýan çagalaryň şatlyk-şowhuny tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam eden ähli tapgyrlarynda hem köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri ir ertirden giç agşama çenli belentden ýaňlanyp durýar. Aýdym aýtmak, tans etmek, surat çekmek, kenar ýakasyndaky çägeden şekil ýasamak, sport we beýleki ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen baglanyşykly çäreler olaryň dynç alşynyň mazmun taýdan baýlaşmagynda möhüm  orun eýeleýär.
       Sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň guramaçy mugallymlarydyr terbiýeçileri çagalaryň mekdep pursatlaryny ünsden düşürmeýärler. Olaryň arasynda okuw dersleri, şeýle hem edebi eserlerden parçalary okap, gyzykly gürrüň bermek, Awazanyň gözel tebigatyny wasp edip, surat çekmek boýunça bäsleşikleri guraýarlar. Bagtly çagalar şeýle işleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyza hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýdýarlar.

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.