logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Society /Bagtyýar - Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä inen ilkinji çaga
  06.01.2023
1850
Bagtyýar - Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä inen ilkinji çaga

Paýtagtymyz Aşgabatda ýaşaýan Mommadowlaryň maşgalasy üçin täze ýyl turuwbaşdan düşümli, döwletli geldi. Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde täze ýylyň gadam goýan ilkinji minutlarynda olaryň ogul perzentleri dünýä indi. Bu oglanjyk täze, 2023-nji ýylda ýurdumyzda ilkinji dünýä inen çagadyr.

Öz ady bilen bile dünýä gelen oglanjygyň ata-enesiniň begenjiniň çägi ýok. Olar ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygaryndan ugur almak bilen, täze ýylda ilkinji bolup dünýä inen ogullaryna Bagtyýar diýip at goýdular. Kiçijik Bagtyýar Mommadowlaryň döwletli maşgalasynyň üçünji perzendidir.

Doglan ogul bäbejigiň agramy 3 kilogram 840 gram, boýy 53 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň ýagdaýlary kanagatlanarly. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.

Oglanjygyň ata-enesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen sowgatlary gowşuryldy we Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdyldy.

Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda ogul bäbejigi dünýä inen Mommadowlaryň agzybir maşgala agzalary hem, öz nobatynda, berkarar döwletimizde çagalaryň döwlet derejesinde şeýle uly üns-aladalar bilen gurşalyp alynýandygy hem-de iberen ajaýyp sowgatlary üçin Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny, hoşallyk sözlerini beýan edip, uzak ömür, berk jan saglygyny, il-ýurt bähbitli işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuwladylar. 

 

Orazgylyç ORAZGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.