logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bagtyýar döwrüniň bagtly zenanlary
  12.03.2021
953
Bagtyýar döwrüniň bagtly zenanlary

     Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Sarahs etrap häkimliginiň meýilnamasyna laýyklykda “Bagtyýar döwrüň bagtly zenanlary” ady bilen Sarahs etrap Zenanlar guramasynyň, TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň, TDP-niň Sarahs etrap komitetiniň, TAP-nyň Sarahs etrap komietetiniň, TKA-nyň Sarahs etrap birleşmesiniň , Sarahs etrap Medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Sarahs etrap medeniýet öýünde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Oňa önümçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler şeýle hem ýaş nesiller gatnaşdylar. 8-nji mart Halkara zenanlar günine bagşlanyp geçirilen çäre many –mazmuna baý bolup,  medeniýet bölüminiň aýdym-saz , folklýor toparlary tarpyndan ýerine ýetirilen çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaçylygynda barha uly ösüşlere eýe bolýan güneşli ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşunda zenanlaryň möhüm orun eýeläp, gazanylýan uly ösüşlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan zenanlarymyzyň bitirýän işlerine goýulýan sarpa, olaryň maşgala ojaklaryndaky nusgalyk göreldesi, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan asylly işleri dogrusunda  özleriniň çykyşlarynda görkezdiler. Çärede çagalar sungat mekdebiniň çagalar hor toparynyň ýerine ýetiren eje hakyndaky aýdymlary hem dabara has joşgun berdi.