Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Bagtyýar geljegiň bähbidine durmuşa geçirilýän işlere işjeň goşant goşýan ulgam
  30.03.2024
171
Bagtyýar geljegiň bähbidine durmuşa geçirilýän işlere işjeň goşant goşýan ulgam

Ösüşleriň hem täze galkynyşyň ýurdy bolan Türkmenistan Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň hususy bölegini höweslendirmek we goldamak, türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda netijeli işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek meselesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermek amatly işewürlik gurşawyny döretmek, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çaltlandyrmak, dürli pudaklarda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Muny döwletimiziň şeýle uly goldawy esasynda amal bolýan türkmen telekeçiliginiň ösüş depgini hem-de gazanylýan aýdyň netijeler hem subut edýär. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde alyp barýan uly işleri bellärliklidir. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmelere işjeň goşant goşýan telekeçilik ulgamy ýurdumyzda işewürligi ösdürmekde ykdysady başlangyçlaryň täzeçe görnüşleriniň höweslendirilmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ylmy esasda işlenip düzülen, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmek, bar bolan önümçilikleri kämilleşdirmek, eksporta niýetlenen önümleriň täze görnüşlerini öndürmek abadan ýaşaýyşa giň mümkinçilikleri açýar. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek we başlangyçlary öňe sürmek, hususy kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermek, halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün etmek bu ugurda ýetilýän sepgitleri aýdyňlygy bilen subut edýär. 


 

Häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde kiçi we orta telekeçilik ýokary derejede ösýär, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda iş alyp barýan iri kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giň möçberli taslamalary amala aşyrmak arkaly köp sanly iş orunlaryny döredýärler. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik, durmuş maksatly döwrebap binalardyr desgalar, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk merkezleri ýokary depginde gurulýar. Ýurdumyzyň tanalmaz derejede barha özgerýän keşbi, paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlygy we milli öwüşginleri görenleri haýrana goýýar. 


 

«Akylly» şäher we «akylly» öý, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda tehnologik işläp taýýarlamalaryň üsti bilen dürli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi-de möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenen. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň anyk mysalydyr. 

 

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.