logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /BAGTYÝAR GÖWÜNLER ŞATLYKDAN DOLY!
  29.11.2022
769
BAGTYÝAR GÖWÜNLER ŞATLYKDAN DOLY!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistany mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, ösüşiň milli hem pudaklaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ykdysady taýdan kuwwatlanýan ata Watanymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş hem durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň üstünlikli ýola goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Üstümizdäki ýylyň 23-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi we bu mejlise ilkinji gezek ýaşlaryň gatnaşmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu möhüm waka biz ýaşlaryň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka hökmünde kalplara buýsanç paýlady. Mähriban Arkadagymyzyň geçiren bu mejlisinde «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» we beýleki möhüm meselelere seredilmegi döwletimizde ilatymyz hakyndaky edilýän aladanyň ýokarydygyndan habar berýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr» - diýmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara uly ynam bildirýändigini belledi. Bu bolsa biz bagtyýar ýaşlary geljekde Arkadagly Serdarymyzyň, Mähriban Arkadagymyzyň belent ynamyna ygrarly kämil hünärmenler, ylymly-bilimli ýaşlar hökmünde eziz Watanymyzy mundan beýläk hem gülledip ösdürmekde mynasyp goşandymyzy goşmaklyga ruhlandyrýar. Şeýle bagtyýar döwrümizde bagtyýar ýaşlaryň kalby çäksiz buýsançdan püre-pür: 

Täze eýýam ösüşlere belent bat,
Kämilleşýär Kanunymyz döwrebap.
Ýurt goýny sapaly, il-günümiz şat,
Watanyň ykbaly – halkyň ykbaly,

Ak ýollar uzaýar geljege sary.
Beýik geljek bize gujagyn açýar,
Galkynýan eýýama bagt nurun saçýar,
Arkadagly Serdarymyz ýol açýar,

Barha artýar bu gün ösüşleň şany,
Bagtyýar göwünler şatlykdan doly.
Şugla saçýar ak ertirler nur bolup,
Arkadagyň paýhasyndan ruh alyp,

Artýar şany has-da belende galyp,
Kämil ýaşlar gül Watanyň ykbaly,
Ýürekler buýsançdan, söýgüden doly.
 

Biz hem, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  şeýle ajaýyp başlangyçlaryny, beýik işlerini ýaşlaryň durmuşy bilen berk baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Mähriban Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! 

 

Şirinjemal ATAJANOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň 3-nji ýyl talyby.