Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bagtyýar nesiller
  13.03.2020
780
Bagtyýar nesiller

      Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we ösdürmek işleri gün geldigiçe rowaçlanýar. “Nesilimiziň bagtyýar ýaşamagy gelejekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli we halal adam bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr”- diýip, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-ylym, terbiýe almagy, dünýä garaýyşlarynyň giňelmegi hünärli bolmagy hemme taraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belläp geçýär.

         Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry ” atly bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň we Kaka etrap Bilim bölüminiň gurnamagynda Kaka etrabynyň Medenýet öýünde etrabyň ähli mekdepleriniň gatnaşmagynda 6-14 ýaşly okuwçylar bilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik örän gyzykly we täsirli geçip, zehinli çagalar bagtyýar çagalyk dünýäsini, parahatçylykly ösüşleri, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik maksatnamalar, döwletli işler, türkmeniň baý geçmişi barada, şeýle-de şadyýan adamlary, tanslary edebi-sazly çykyşlary, milli saz gurallarda sazlary ýerine ýetirmek we teatrlaşdyrylan degişme sahnajyklary bilen tomaşaçy çagalaryň göwünlerinden turdular. Elleri gülli, baýdakly we şarly tomaşa edýän çagalar uly şowhun bilen her bir çykyşlary el çarpyşmalara bile goldadylar. Emin agzalar bolsa öz gezeklerinde çykyş eden okuwçylara adalatly baha berip, ýeňijileri welaýat tapgyryna gitmäge hukuk gazanandyklaryny yglan etdiler. Geçirilen çaga owazlarynyň, zehinleriniň bu bäsleşigiň ahyrynda bolsa ähli çykyş edenler bilen bilelikde sahnada “Garşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdymy ýerine ýetirildi.