logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bagtyýar nesliň şatlygy
  07.06.2020
888
Bagtyýar nesliň şatlygy

      Çagalary goramagyň halkara güni welaýatda ýatda galyjy dabaralara beslenip, egsilmez ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Bagtyýar nesliň şatlygyny goşalandyran dabaralaryň şowhuny obalary, şäherçedir şäherleri gurşap aldy. Ähli ýerde aýdym-sazly çykyşlar astynda dürli mazmunly bäsleşikler, ýaryşlar geçirildi, şeýle-de göwün açyjy tomaşalara orun berildi. Änew şäherindäki “Buýsanç” çagalar medeni-dynç alyş merkezindäki tomaşalar has-da täsirli boldy. Bu gözel künjek welaýat derejesindäki dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi.

     Welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda günüň saba-säherinden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasy diýseň köp adamly boldy. Ony kalby joşgundan püre-pür doly bagtyýar çagalaryň şadyýan çykyşlary özboluşly ruhubelentlik goşdy. Welaýatyň çagalar döredijilik toparlarynyň medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada giň gerim berlen aýdym-sazlary, tanslary diňe bir ýaş nesliň däl-de, ol ýere ýygnanan ata-eneleriň, bilim işgärleriniň we beýleki köp sanly myhmanlaryň göwnüni ganatlandyrdy. Joşgunly çykyşlarda Arkadagly döwrümizde barha özgerýän ata Watanymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy buýsançly beýanyny tapdy.  

     “Salam, tomus!” diýen şygar astynda giň gerim alan tomaşalara gyzyklanma has uly boldy. Welaýat kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan guralan göçme kitap sergisi çagalaryň ünsüni has özüne çekdi. Kitaphanaçylar çagalara niýetlenen kitaplar barada olara gyzykly gürrüň berdiler.

      Şol gün bagtyýar ýaş nesliň wekilleri merkeziň çägindäki dürli öwüşginli tomaşalardan ruhy lezzet aldylar. Merkezdäki dürli görnüşli oýun atraksionlary we meýdançalary, ýokary derejede enjamlaşdyrylan binalary çagalaryň ygtyýaryna berilmegi olaryň toý keýpiçaglygyny belende göterdi. Olar göwün islän oýunlary oýnadylar, otly bilen merkeziň içi boýunça syýahat etdiler. Şeýle şadyýan göwünaçmalar giç agşama çenli dowam etdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi tarapyndan çagalaryň ählisine buzgaýmak paýlandy.