logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /BAGTYÝAR ZENANLARYŇ ŞANYNA
  04.03.2020
947
BAGTYÝAR ZENANLARYŇ ŞANYNA

    Welaýatymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Edara-kärhanalarda, guramalarda, medeni ojaklarda geçirilýän dabaralara bagtyýar gelin-gyzlar, mährem eneler ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.

     Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň dabaralar jaýynda bolan dabara şowhunly baýramçylyk şüweleňleriniň üstüni ýetirdi. “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly baýramçylyk dabarasyny welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň ähli ýerinden halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işeňňir zenanlar hem-de mährem eneler gatnaşdy.

        Bereketli toý suprasynyň başyna jem bolan bagtdan paýly zenanlar ata Watanymyzyň ösüş-özgertmeleri, ajaýyp döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýurdumyzda gelin-gyzlara, enelere goýulýan sarpa dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Hormatly Prezidentimiziň zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmegi, watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi ugrunda döredýän ajaýyp şertlerdir mümkinçilikleri barada aýdylanlar has-da täsirli boldy.

     Dabaranyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen tanslar we halk döredijilik çykyşlary ähliniň kalbyny heýjana getirdi. Belent ruha beslenen sungat çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň, Arkadagly döwrümiziň bagtyýar zenanlarynyň, päk söýginiň waspy öz beýanyny tapdy hem-de baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

   Dabara gatnaşyjy zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi. Bagtyýar zenanlar özleri hakda edilýän bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.