logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara festiwaly badalga aldy
  15.11.2023
618
“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara festiwaly badalga aldy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň medeniýet-sungat ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhy bilen ruhlanyp, has belent derejelere çykdy.

 

 

Mälim boluşy ýaly, öz gözbaşyny naýbaşy halk döredijiligimizden alyp gaýdýan türkmen halkynyň teatr sungaty özboluşly şöhratly taryha eýe. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14 – 16-njy noýabr aralygynda diýarymyzyň gözel şäherleri bolan Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly  IV halkara festiwaly badalga aldy. Bu halkara festiwala dostlukly ýurtlaryň birnäçesinden gelen döredijilik toparlarynyň gatnaşmagy has-da täsirli boldy. 

 

 

Türkmenistan dünýä ýüzünde öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Biziň ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Garaşsyz Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi guwandyryjy waka bolup durýar. Dünýä halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere göterilýändigini subut edýän bu halkara teatr festiwaly hem öz işini üstünlikli alyp barýar.

 

 

Abadan ýurdumyzda geçirilýän bu halkara festiwal şöhratly taryha, medeni mirasa baý bolan türkmen halkynyň ruhy galkynyşynyň ýeten derejesini açyp görkezýän özboluşly ajaýyp baýramçylyk boldy.

 

 

Dinislam BATYROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby.