logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bagtyýarlyk nuruny saçýan Aşgabat
  02.05.2021
658
Bagtyýarlyk nuruny saçýan Aşgabat

      Aşgabat taryhy müň ýyllyklaryň jümmişine uzap, ol türkmen halkynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Bu taryhy baglanşyk türkmen milletiniň köklerini asyrlardan-asyrlara uzap gidýändigine şaýatlyk edýär. Geçirilen gazuw agtaryş işleriniň netijsinde toplanan arheologiki maglumatlara görä, gadymy döwürlerden bäri Aşgabadyň çäginde adamlar ýaşapdyrlar çünki bu ýerlerde sebitara kerwen ýollary üçin zerur şertler bolupdyr. Belki şonuň üçindir, biziň eýýamyzdan öňki birinji ýyllykdan gadymy Beýik Ýüpek ýoly hem şu topragyň üstünden geçipdir. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek döwletimiziň esasy maksatlarynyň birine öwrüldi. Aşgabadyň binägärlik gözelligini şahyrlar bilen birlikde sazandalaryň şirin sazlarynda, aýdymçylar ajaýyp aýdymlarynda, halyçylar, heýkeltaraşlar, suratkeşler özleriniň döreden sungat eserlerinde wasp edýärler. Ol eserleriň birnäçesi şäheriň göküne görk goşýar. Sebitde we düýäde iri işewür medeni merkez bolan gözel Aşgabada aýlanyp, seýil edýän daşary ýurtly myhmanlar ak şäherimizde bagtyň hut nurana keşbini öz gözleri bilen görýärler we muňa olar ýüregi bilen  ynanýarlar. Ak nura beslenip, lowurdap duran ak şäherimizde dünýäniň parahatlygy, agzybirligi, ýürekdeşligi türkmen asmanynyň göýä zemine düşen şöhlesi ýaly dünýäniň çar tarapyna çaýylýar. Türkmen halky öz ertekisini döreden-de hakykatdan ugur alypdyr diýseň juda dogry bolsa gerek. Halkymyzyň ýürek arzuwynda ak şäherimiz Aşgabat ýaly lowurdap duran, ertekä öwrülen şäher bina edilipdir. Türkmen ertekilerini okanyňda, ak merjen deý Aşgabadyň täsin, ajaýyp bir nusagasyny görýärsiň. Halkymyz gadymy asyrlaryň jümmüşinden hakykatdanda, ak geljek ýaly, bagtyň nuruna keşbi kimin bagtyýarlygy, eşretli durmuşa beslenen şäheri gurup hem-de şol şäherde nurana ýaşaýşy döredip boljakdygynyň parasadyny ykrar etdipdir. Aziýadanyň ak merjeni bolan Aşgabadyň gözelligi onuň içki many-mazmuny bilen birleşip, bitewi bir pelsepäni ynsan bagtyýarlygynyň maddy we ruhy gözelligini düzýär.