logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Bagyşla!» - Atajan ANNABERDIÝEW
  05.06.2023
1127
«Bagyşla!» - Atajan ANNABERDIÝEW

Eje, meni daýhan bolar öýdensiň,
Özümem söýýärdim azal-kündäni.
Hormatlardym bagty şu toprakdan hem
Ýerden-suwdan gözlemegi ündäni.

Görüp dursuň, bar zat boldy başgaça,
Ýaşyl ýaýlalaňda galyp bilmedim.
Şaglap akýan akar suwuň hem mele
Topragyň ysyndan ganyp bilmedim.

Daýhan bolan bolsam, borduň arkaýyn,
Daşda borduň howsaladan, dowuldan.
Bagyşla, barybir sen bolmasaňam,
Bolmal-a bir ene şahyr ogullam...