logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bagytar ildeşlerimize toý sowgady
  10.09.2021
626
Bagytar ildeşlerimize toý sowgady

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň B.Annanow köçesiniň ugruna özboluşly nuranalyk goşan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregi diýseň köp mähelleli boldy. Şatlykly wakanyň şaýady bolmak üçin ol ýere dürli ýaşdaky we hünärdäki ildeşlerimiz ýygnandy. Olardan kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar bar. Dabara üçin niýetlenen, baýramçylyk äheňde bezelen meýdançada welaýat häkimi Ý.Gurbanow uly şowhun we egsilmez joşgun bilen garşylandy. Hormatly häkimiň bu ýere gelmegi bilen, aýdym-sazlar, milli öwüşginli tans çykyşlary giň gerim aldy.  Türkmen halkyny baky bagtyýarlyga ýetiren, ata Watanymyzyň şan şöhratyny arşagöteren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň, eşretli döwrümiziň, eziz Diýarymyzyň, ulus-ilimiziň waspy bolup ýaňlanan sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpmalar bilen gyzgyn garşylandy. Toý meýdançada täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Çykyş edenler “Döwlet adam üçindir” şygary öňe süren hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň barha rowaçlanýandygy, şonuň netijesinde ýurdumyzda medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň, şäherçeleriň şäherleriň, obalaryň gurulýandygy, adamlaryň ýokary hil derejeli durmuşynyň üpjün edilýändigi barada uly buýsanç bilen söz açdylar. Dabarada täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken ezber elli gurluşykçy hünärmenleriň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bupursat welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine  ýetirmeginde milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalaryna utgaşdy. Soňra şol günki dabaranyň iň ýatda galyjy we tolgundyryjy pursadyna şaýat bolundy. Welaýat häkimi döwerebap ýaşaýyş jaýynyň toý bagyny kesdi. Şondan soňra hormatly myhmanlar bagtyýar öý eýeleriniň mukaddes öý-ojagyna baryp, jaý toýlaryna gatnaşdylar, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda, “Sahawat” gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi.