logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Bagytar ildeşlerimize toý sowgady
  01.10.2021
622
Bagytar ildeşlerimize toý sowgady

Änew şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin gurlup ulanylmaga berilen 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Şäheriň, şäher gurluşyk we binägärlik ulgamyndaajaýyp hem-de gaýtalanmajak nusga hökmünde özboluşly nuranalyk goşan täze,döwrebap ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregi diýseň köp mähelleli boldy. Şatlykly wakanyňşaýady bolmak üçin ol ýere dürli ýaşdaky we hünärdäki ildeşlerimiz ýygnandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler edarasynyň weteranlary welaýatyň , we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, guramalarynyň ýolbaşçylarydyr

işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiň deputatlary, ýaşuly nesliň wekilleri we ýerli ýaşaýjylar bar. Munuň özi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek hakynda yzygiderli tagallalary edýändiginiň subutnamasydyr. Häzirki döwrümizde harby gullukçylaryň degişli derejede gulluk etmegi we ýaşamagy üçin oňyn şertler döredilýär. Olaryň maddy enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine aýratyn üns berilýär. Ine şu gün hem Döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde gurlup ulanylmaga berilen bu ýaşaýyş jaýlar bu şanly senä uly sowgat boldy. Dabara üçin niýetlenen, baýramçylyk äheňde bezelen meýdançada çykyş edenler uly şowhun we egsilmez joşgun bilen garşylandy. Bu ýerde aýdym-sazlar, milli öwüşginli tans çykyşlary giň gerim aldy. Türkmen halkyny baky bagtyýarlyga ýetiren, ata Watanymyzyň şan şöhratyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň, eşretli döwrümiziň, eziz Diýarymyzyň, ulus-ilimiziň waspy bolup ýaňlanan sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhunly el çarpmalar bilen gyzgyn garşylandy. Toý meýdançada täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Çykyş edenler “Döwlet adam üçindir” şygary öňe süren hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň barha rowaçlanýandygy, şonuň netijesinde ýurdumyzda medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň, şäherçedir şäherleriň, obalaryň gurulýandygy, adamlaryň ýokary hil derejeli durmuşynyň üpjün edilýändigi barada uly buýsanç bilen söz açdylar. Dabarada täze ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken ezber elli gurluşykçyş hünärmenleriň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu pursat welaýatyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde milli toý däplerini açyp görkezýän tomaşalaryna utgaşdy. Soňra şol günki dabaranyň iň ýatda galyjy we tolgundyryjy pursadyna şaýat bolundy. Döwerebap ýaşaýyş jaýynyň toý bagy kesildi. Şondan soňra toý meýdançasynda ýatda galyjy iň şatlykly pursatlara şaýat bolundy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleriniň bagtyýar maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlardan öýleriň açarlary gowşuryldy. Ýokary amatlykly täze jaýlarda 2-3 otagly öýler bolup, olar ýokary derejede enjamlaşdyrylypdyr. Munuň şeýledigine dabara gatnaşan myhmanlar tanyşlyk mahalynda göz ýetirdiler. Hormatly myhmanlar bagtyýar öý eýeleriniň mukaddes öý-ojagyna baryp, jaý toýlaryna gatnaşdylar, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.