Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Tebigat /Bahar pasly barada geň-taňlyklar
  13.03.2023
2164
Bahar pasly barada geň-taňlyklar

Bahar we tomus pasyllarynda çagalaryň ösüşi ýylyň beýleki pasyllaryna garanda 3 esse güýçlüdir. Beýik Britaniýanyň alymlary tarapyndan geçirilen köpgezeklik barlaglaryň netijesinde çagalaryň bedeniniň mart aýyndan başlap awgust aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşi sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli bolan aralykdaky ösüşinden 3 esse ýokarydygy ýüze çykaryldy.

*  *  *

Bahar pasly gelende ösümlikler aýratyn biologik sagatlaryň esasynda oýanýarlar. Ösümlik mart aýynda gyrkylyp, suwa salnanda, ol pyntyklaýar we ondan kökjagazlar emele gelýär. Emma noýabr aýynda gyrkylan ösümlik suwa salnanda, ol ýaşaýşyny bes edýär. Bu ýagdaý ýagtylyk gününiň dowamlylygy düşündirilýär.

*  *  *

Arylar we beýleki köp mör-möjekler beýleki pasyllara garanda bahar paslynda az howsala düşýärler. Bahar paslynda olar özlerini rahat alyp barýarlar.

*  *  *

Adamlaryň bedeniniň dem alyş ýygylygy ýaz paslynda güýzdäkiden 3 esse köpdür. Alymlar bu ýagdaýy adamlaryň bedeniniň gyş paslyndaky kislorod açlygyndan çykan soň, synalaryň asyl durkuny dikeltmek maksady bilen dem alşyň çaltlanýandygy bilen düşündirýärler.

*  *  *

Awstraliýa, Argentina, Madagaskar ýaly döwletlerde bahar pasly sentýabr aýynda gelýär.

*  *  *

Ženewada baharyň gelendigini kaştan agajynyň «güllemegi» boýunça kesgitleýärler. Şäheriň merkezinde ýörite şu maksatda ösüp oturan kaştan agajynyň ilkinji ýapragy çykandan soň resmi taýdan ýaz paslynyň gelendigini bellik edýärler. Ýaponiýa döwletinde bolsa, üljäniň gülläp, ähli ýeriň mymyk-gülgüne reňke boýalmagy bilen baharyň gelendigini resmi taýdan kesgitleýärler.

*  *  *

Ikatýok guşy – ýazyň buşlukçysy. Gadymda adamlar ikatýogyň sesiniň çykmagy arkaly baharyň gelendigini bilipdirler.

*  *  *

Bahar paslynyň gelmegi bilen towşan, belka ýaly käbir haýwanlar bedeniniň daşky reňkini üýtgedýärler.

*  *  *

Ýaz aýlarynda ýagan ýagyş güýz aýlaryndaky ýagyşlaryndan güýçlüdir.

*  *  *

 

Rozumbaý ERGEŞOW,

Türkmenistanyň oba hojalyk
we daşky gurşawy goramak ministrliginiň
Daşky gurşawy goramak gullugynyň
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň
2-nji derejeli döwlet inspektory.