logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Baharyň buşlukçysy Nowruz
  23.03.2025
810
Baharyň buşlukçysy Nowruz

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygy (Stambul) türk tarapynyň çakylygy boýunça Gazagysgtanyň​, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbeýjanyň​ konsullyklarynyň we ýerli häkimýetiň edaralary bilen bilelikde Bahçeşir​ Uniwersitetiniň çäginde halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp medeni çärelere gatnaşdy.

 

Bu çäräniň çäginde Nowruz baýramyny belleýän döwletleriň medeni çykyşlary, milli amaly-haşam sungatynyň we medeni miraslarynyň hem-de tagamlaryň sergileri geçirildi. Baýramçylyk çärä gatnaşýan diplomatlar hem öz çykyşlarynda Nowruzyň parahatçylyk, agzybirlik we dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny aýratyn ähmiýet berdiler.

 

Türkmenistanyň Baş Konsullygy we türkmen talyp ýaşlary tarapyndan taýýarlanan stendinde​ bu çärä gelen myhmanlara türkmen el halylary, milli egin-eşikler, milli şaý-sepler, kitaplar hem-de milli ýadygärlik sowgatlary türkmeniň baý medeniýetini ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

 

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bu çäre Nowruzyň diňe bir milli baýramçylyk bolman, eýsem, halkara derejesinde medeni köpri döredýändigini şaýatlyk etdi. Nowruzyň agzybirlik we dostluk ruhuny dabaralandyrýan bu dabaralar geljekde hem dowam eder.