logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Bähbitli ösüşleriň nurana ýoly
  13.05.2020
838
Bähbitli ösüşleriň nurana ýoly

          Babadaýhan etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýurdumyzda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň many-mazmunyny oba ýaşaýjylaryna  düşündirmek maksady bilen  wagyz-nesihat  maslahaty  geçirildi. TDP-niň etrap komitetiniň hem-de etrap hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde guramagynda geçen maslahata  oba ýaşaýjylary, daýhan birleşigiň, geňeşligiň işgärleri, hünärmenleri  gatnaşdylar.

          Maslahatda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler, ata Watanymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanmagyna etjek täsiri hakynda söz açylyp, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynyň many-mazmunyna, ähmiýetine üns çekildi.