logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Bäherden etrabynda bilim işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi
  29.03.2023
743
Bäherden etrabynda bilim işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi

Bäherden etrabyndaky 4-nji orta mekdepde bilim işgärleriniň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Küşt ýaryşy Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşi, etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Ýaryşa umumybilim berýän orta mekdeplerden mugallymlar gatnaşdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilen ýaryş bilim işgärleriniň arasynda akyl-paýhas oýnunyň ussatlarynyň az däldigini görkezdi. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 30-njy orta mekdebiň mugallymlary toparlaýyn birinji, 12-nji orta mekdebiň topary ikinji, 27-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.