logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bäherden etrabynda mekdepleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi
  26.08.2023
769
Bäherden etrabynda mekdepleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Bäherden etrabynda täze, 2023-2024-nji okuw ýylyna taýýarlykly barmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň çäginde mekdepleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Bejeriş-abatlaýyş işlerini ýokary derejede alyp barmakda tapawutlanan mekdepleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen özboluşly bäsleşikde degişli görkezijilere aýratyn ähmiýet berildi.

 


Etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin emin agzalary mekdeplerde bolup, bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilişi, synp otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplary bilen enjamlaşdyrylyşy bilen ýerinde tanyşdylar.

 

Bejeriş-abatlaýyş işlerini ilkinjileriň hatarynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetiren etrapdaky 16-njy, 2-nji orta mekdepleri ýeňiji boldular. Özboluşly bäsleşigiň ýeňijilerine ýörite sowgatlar gowşuryldy. Ýeri gelende, etrapdaky orta mekdepleriň 30-synda hem degişli işleriň göwnejaý ýerine ýetirilendigini bellemelidiris.