logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bäherden etrabynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirildi
  18.04.2022
998
Bäherden etrabynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirildi

Bäherden etrabynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň tassyklan meýilnamasy esasynda «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly maslahat geçirildi. Şeýle çäreler etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda yzygiderli geçirilýär. Mundan öň şeýle maslahatlar etrabyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük hem-de dokma fabriklerinde, Bäherden Pagta arassalaýjy kärhanasynda, «Tehniki hyzmat ediş» kärhanasynda we «Bäherden» sement zawodynda, Bäherden Galla önümleri kärhanasynda ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guraldy.

Her gezek geçirilýän mashatda çykyş edýänler zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişi, her bir iş ornunda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş çäreleriniň guralmagynyň zerurdygy şeýle-de howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi barada, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak barada aýratyn bellenilip geçilýär.