logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  06.09.2022
1344
Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda, Bäherden etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 30-njy orta mekdepde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda - “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

 

 

Duşuşygyň barşynda, okuwçy ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berildi, degerli öwüt-ündewler aýdyldy.