logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bäherden etrabyndaky ýüplük we dokma fabriklerinde maslahat geçirildi
  12.10.2022
919
Bäherden etrabyndaky ýüplük we dokma fabriklerinde maslahat geçirildi

Bäherden etrabyndaky ýüplük we dokma fabriklerinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gurmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Döwlet Maslahatyndan gelip çykýan wezipeler, çözgütler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatyndan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň çuň manyly çykyşyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünde aýratyn durup geçdiler. Çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalaryň 60-dan gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleriniň, tüýjümek, jins matalaryň, taýýar egin-eşikleriň, el halylaryň öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlaryň çykarylýandygy, brend markaly dokma harytlarymyz bilen sebit we dünýä bazarlaryndaky ornumyzy yzygiderli pugtalandyrjakdygymyz hakda aýdanlaryna aýratyn üns çekildi.