logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Bäherden etrap bilim bölüminde ýaş hünärmenler bilen duşuşyk geçirildi
  06.08.2022
851
Bäherden etrap bilim bölüminde ýaş hünärmenler bilen duşuşyk geçirildi

Ýakynda, Bäherden etrap bilim bölüminde, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramagynda ýaş hünärmenler bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlap gelen, etrabyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda zähmet ýoluna başlamaga mümkinçilik alan ýaş hünärmenler üçin ýakymly duýgulara beslendi.

Duşuşykda etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Soňra ýaş hünärmenler zähmet ýoluna gadam basjak täze iş ýerlerine baryp, bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň işleri bilen tanyşdylar. Halypa mugallymlar olara ak ýol arzuw etmek bilen, öz iş tejribelerine esaslanyp, täsirli gürrüňleri hem-de öwüt-ündewlerini berdiler.