logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Bäherden» tikin fabriginde 2 million 81 müň manatdan gowrak önüm öndürildi
  14.04.2023
804
«Bäherden» tikin fabriginde 2 million 81 müň manatdan gowrak önüm öndürildi

Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 2 million 81 müň manatdan gowrak önüm öndürildi. Şeýlelikde, meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi. Şol döwürde dürli görnüşli tikin önümleriniň hem 125 müňe golaýy öndürildi.

Kärhanada tikilýän ýöriteleşdirilen iş lybaslaryna, ýorganlara, düşeklere, ýassyklara we olaryň örtgülerine, beýleki tikin önümlerine isleg ýokary. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde, esasan-da, ministrlikleriň, guramalaryň ýörite buýurmalary ýerine ýetirilip, olaryň sargydy boýunça taýýarlanan önümler öz wagtynda, bökdençsiz ugradyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, önümçilikde işleriň barha ilerlemeginde tikin önümleriniň hil derejesine we biçüwine aýratyn ähmiýet berýän işine ussat tikinçi gelin-gyzlaryň saldamly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.