logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Bäherden» tikin fabriginde 7 million 239 müň manatlyga golaý önüm öndürildi
  29.08.2022
801
«Bäherden» tikin fabriginde 7 million 239 müň manatlyga golaý önüm öndürildi

Bäherden etrabyndaky «Bäherden» tikin fabriginde, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 7 million 239 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçilik işinde 124 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

 

 

Fabrikde esasy işler degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we kärhanalaryň buýurmalary esasynda ýerine ýetirilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde ekologiýa taýdan arassa nah matalardan dürli reňkdäki, görnüşdäki we ölçegdäki ýöriteleşdirilen iş lybaslary, ýorgandyr düşekler, ýassyklardyr olaryň örtükleri, tikin önümleriniň başga-da birnäçe görnüşi tikilip, buýurmalar öz wagtynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirildi.